Taryhdaky ilkinji twitiň bahasy $2 milliony aşdy


Photo by Entrepreneur.com

Bu waka Magtymguly Pyragynyň, Ýat bolar goşgusyndaky; “Döwletliler eşek münse, at bolar” setirlerini ýada salýar, seredäýmäge kompýuteriň klawiaturasynda ýazylan ýönekeý bir sözlem, gymmaty bolsa dag aşypdyr. Twitteriň döredijisi Jek Dorsi 2006 ýylyň 21 mart güni ýazan “just setting up my twttr”, türkmençe aýtsak "Ýöne öz twttr-mi sazlaýaryn" sözlemden ybarat ilkinji twit ýazgysyny Valuables atly onlaýn auksiona satuwa çykardy.

Twitterdäki ilkinji publikasiýa üçin, 2021 ýylyň mart aýnyň 6-na, Jastin Sun atly asly hytaýly telekeçi $2 million möçber teklip edipdir, netijede onuň teklibi iň ýokary möçberli teklip bolupdyr. Onlaýn auksionyň aýtmagyna görä, ýeňijä awtor tarapyndan gol çekilen we tassyklanan sanly şahadatnama berilýär. Şahadatnamanyň eýesi soňlugy bilen islese ony satyp hem biler. Sözlemiň özi Twitterde galýar.

Dorsi bu ýazgyny auksiona 2020 ýylyň dekabr aýynyň 15-ne bary-ýogy $1 baha bilen satuwa çykardy.

Çeşme: invaluable.com