Ykdysady işjeňligiň düýp manysy


Photo by gettyimages

Umumy kabul edilen ykdysady nazaryýete laýyklykda – ykdysadyýete täsir edýän iň esasy faktor - bu sarp edijileriň islegi hasaplanýar. Haryda ýa-da hyzmata bolan isleg artdygyça, onuň yzy bilen harytlary we hyzmatlary teklip berýänler hem artýar. Eýsem-de ykdysadyýet diňe harytlara we hyzmatlara bolan islegiň hasabyna artýarmy? Adamyň belli bir iş bilen meşgullanmagynyň manysy, onuň belli bir maksada ymtylmagyndadyr: adamlar öz ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin dürli harytlardan we hyzmatlardan peýdalanmaly bolýarlar. Eger real dünýäni mysal alsak (töleg serişdesi hökmünde ulanylýan pullary aýyrsak) bir adam, belli bir harytlara we hyzmatlara isleg bildirmezden ozal özi önüm öndürmeli ýa-da hyzmat bermeli bolýar.

Mysal üçin, elinde bar bolan serişdeleriniň kömegi bilen, çörekçi belli bir möçberde çörek bişirýär. Çörekçiniň bişiren çöregi onuň harydy, onuň gaznasy hasaplanýar, çörekçi çöregiň bir bölegini özi sarp edýär, ýene-de bir bölegini sarp ediş harytlara (özüne gerek zatlara) çalyşýar, çöregiň galan möçberine bolsa täze peç satyn alýar we ony gurnatmak üçin hakyna işçi tutýar. Çörekçiniň täze peç satyn almak we ony gurnamak üçin ulanan çörek möçberine süýşürintgi (tygşytlan möçberi) diýilýär. Ol öndüren çörekleriniň ählisini özi sarp etmeginiň ýerine, çöregiň belli bir bölegini öz işini açmak üçin täze bir peje çalyşýar. Bu bolsa öz gezeginde onuň önümçiligini hasam giňeltmäge, döwrebaplaşdyrmaga we öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bärde bellemeli zatlaryň biri, indi çörekçiniň gaznasy (tygşytlaýan möçberi), başgaça aýdanymyzda ygtyýarlygyndaky artykmaç galýan çörekleriň möçberi köpeldigiçe, onuň durmuş derejesi artýar, özi üçin köp çörek sarp edip bilýär.
Onuň tygşytlaýan möçberi barada aýtsak, ony diňe önümçiligi giňeltmek üçin däl-de, eýsem önümçiligi saklamak üçin hem zerur bolýar. Eger ol peçlerini işjeň ýagdaýda saklamasa we könelen ýa-da döwlen detallaryny çalşyp bilmese, önümçilik peselip başlaýar. Bu bolsa, öz gezeginde çörekçiniň durmuş derejesini pese düşürýär. Başgaça aýdylanda, öndürilen çöregiň belli bir mukdaryny peç üçin gerekli täze detallara çalyşmak möhüm hasaplanýar.

Çörekçiniň öz öndüren çöregini berip, onuň ýerine täze peç ýa-da beýleki sarp edilýän harytlary almagy bilen, ol beýleki önümçilik bilen meşgullanýan adamlary gerek bolan haryt bolan - çörek bilen üpjün edýär. Netijede adamlar gündelik durmuşda özüne gerek harytlardan peýdalanmak üçin, öz öndürýän harytlarynyň möçberini artdyrmaly bolýar, başgaça özüne gereginden artyk öndürmeli bolýar.

Çeşme: Frank Şostagyň "Ykdysady sikl: Awstriýa mekdebiniň seljermesi" atly kitabyndan.