"Ähli zat 50 manat" modeli bilen işleýän dükany gurnamak


Photo by Kuchenland

Daşary ýurt söwda tejribesinde, dükanyň içinde satylýan ähli harytlara bir baha goýulan söwda nokatlaryna köp duş gelse bolýar. Mysal, dükanda satylýan küýzäniň, saç şampunyň, tarelkanyň we kitabyň ýa-da islendik bir harydyň bahasy bir meňzeş, mysal türkmen manadynda 50 manat bolmagy, kellede "bu dükanlar nähili işleýärkä?" diýen sorag döredýär. Bu formatdaky dükanlaryň işleýşine syn edip göreliň.

Harydyň görnüşleri
Bu dükanlaryň haryt görnüşleri giň bolýar: bu ýerde öý goşlary, öý üçin himiki ýuwujy serişdeleri, kosmetika serişdeleri, bižuteriýa​, awtoulag üçin harytlar ýene-de alyjylaryň islegine görä başgada dürli harytlar satylýar. Ähli harytlary bir baha deň getirmek üçin, dükana satyn alynýan harytlara baha seljermesi alnyp barylýar: amatly bahalardan satýan üpjün edijileri gözleýärler.

Dükan nähili peýda gazanýar
Şeýlelik bilen, bu dükanlarda esasan öý hojalygy we gündelik durmuşda ulanylýan önümler satylýar. Goşmaça haryt görnüşi giňeltmek we özlerine müşderi çekmek üçin käbir harytlar gymmat bahadan satyn alnyp, arzan baha goýulýar. Dükan esasan uly möçberdäki dolanyşygyň​ hem-de arzan harytlara goýulan ýokary bahalaryň hasabyna peýda gazanýar.
Harytlaryň üstüne goýulýan nyrh 0 bilen 100 % arasynda bolýar. Ortaça marža​ bolsa 30 - 50 % aralygynda oýnaýar. Birmeňzeş bahaly dükanlaryň söwdasyna möwsüm ýaly faktorlar hem uly täsir edýär. Mysal üçin, ýazda we güýzde hojalyk we ekin üçin gurallar köp satylýar. Baýramçylyklarda dürli suwenirler​, sowgatlar, kosmetikalar​ gidýär. Öý üçin ýuwujy we himiki serişdeleriň ýa-da gigiýena serişdeleriň möwsümi bolmaýar olar elmydama islegden peýdalanýar.

Dükany açmak
Ilki bilen, söwda nokady adamlaryň köp geçýän ýerinde ýerleşmeli. Has gowusy hemişe täze müşderileriň köp ýygnanýan ýerlerinde mysal, demir ýol menzilleriniň golaýynda, syýahatçylyk zolaklarynda, uly bolan söwda merkezlerinde we bazarlarda bolup biler.
Bu modelde elmydama peýda berjek bir dükany guramak üçin, harytlaryň görnüşlerini yzygiderli täzeläp durmaly, müşderileriň yzygiderli gyzyklanmasyny saklamak üçin önümleriň möwsümleýin görnüşlerini üpjün edip durmaly. Egerde bu talaplar ýerine ýetirilmese, beýle dükanyň uzak wagtlap dowam etmesi mümkin däl.

Bir baha konsepsiýasy, azyk däl bölek söwda-satuw bazarynda has meşhurdyr. Häzirki wagtda, bu ykdysady modeliň başgada pudaklarda ulanýandyklaryny görse bolar. Satyş möwsüminde köplenç eşik dükanlaryň öňünde her-dürli eşikleriň bir sebede​ goýulan "Hemmesi XX​ manat" ýaly ýazgylara duş gelen bolsaňyz gerek. Daşary ýurt tejribesinde, syýahatçylyk kompaniýalary dünýäniň islendik ýerine şol bir bahadan gezelenç turlaryny geçirmek bilen, tygşytly gezelenç gözleýän turistleri​ özüne çekýärler.