Gazna bazarynda nädip pul gazanýarlar


Photo by CNBC

Maýa goýumyň esasy maksady eliňdäki duran puluň bahasyny artdyrjak ýa-da iň bolmanda bahasyny ýitirmejek maliýe gurallary saýlap bilmekdir. Munuň üçin gazna bazaryna gatnaşýan adamlar dürli usullar arkaly geljegi “görmäge” we bahalardaky boljak üýtgeşmeleri öňünden çaklamaga synanyşýarlar.

Iň esasy bilmeli zadymyz, maýa goýum işini amala aşyrmagyň strategiýalary bolýar; olar, gysga ýa-da uzak möhletli, agressiw ýa-da konserwatiw çemeleşme we ş.m. Ulanylýan esasan iki usul bar, olar fundamental ýa-da tehniki analizlerdir.

Tehniki analizde - aksiýalaryň bahalarynyň geçen döwürlerdäki üýtgeşmeleri seljerilip geljekki boljak üýtgeşmeleri çaklanmaga synanyşylýar, bu ýagdaýda bahalardaky üýtgeşmeler belli döwür aralyklaryna bölünýär we gaýtalanýan ýagdaýlar ýüze çykarylýar we şonuň netijesinde hem baha çaklamalary düzülýär. Başga-da statistiki maglumatlardan hem peýdalanylýar.

Fundamental analizde - ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýa-da aýry-aýry kompaniýalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy düýpli öwrenilýär we netijede pudagyň ýa-da kompaniýanyň geljekdäki ösüş mümkinçiliklerine baha berilýär. Fundamental analiz arkaly aksiýalaryň hakyky bazar bahasy ýa-da “adalatly” bahasy çykarylmaga synanyşylýar. Eger aksiýanyň bazar bahasy fundamental analiz arkaly çykarylan hakyky bahadan pes bolsa, maýa goýmak barada karar kabul edilýär we tersine bazar bahasy hakyky bahadan ýokary bolsa onda maýa goýmakdan saklanylýar.

Ýokardakylardan hem belli bolşy ýaly, tehniki analiz gysga möhletli (spekulýatiw) maýa goýum işi üçin, fundamental analiz bolsa uzak möhletli maýa goýum işi üçin has amatly hasaplanýar. Tejribede ussat maýa goýumçylar iki usuly hem ulanýarlar.

Bu analizleriň iki görnüşi üçin hem seljerme geçirýän adamda zerur maglumatlar, gurallar we bu maglumatlaryň nädip işlenmelidigi barada ýeterlik derejede bilimi bolmalydyr.

Käbir bilermenler bolsa ykdysadyýetiň pudaklarynyň barha wirtuallaşýandygy bilen baglylykda fundamental analizi geçirmekligiň hem barha kynlaşýandygy barada belleýärler.